“Täze Oba” ylmy-önümçilik žurnaly

“Täze oba” ylmy-önümçilik žurnaly türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň esaslandyrmagynda aýda bir gezek çap edilýär. Bu žurnal 1929-njy ýylyň noýabr aýyndan bäri neşir edilip gelinýär. ýurdumyzyň Oba hojalyk hünärmenleri, agrosenagat toplumynyň alymlary we halk köpçüligi üçin ýörüte çap edilýän bu žurnal, şu ýyllaryň dowamynda oba zähmetkeşleriniň ýakyn maslahatçysy bolup, okyjylaryň arasynda uly meşhurlyga eýe boldy.

Žurnalyň esasy wezipesi ýurdumyzyň obasenagat toplumyna degişli ähli pudaklaryny ýokary depginde we ylmy esasda ösdürmek, daýhan birleşikleriniň önümçilik-ykdysady gatnaşyklaryny kämilleşdirmek, şeýle hem ýurdumyzy ykdysady, syýasy, medeni taýdan ösdürmek boýunça hormatly Prezidentimiziň alyp barýan syýasatyny, Permanlaryny we Kararlaryny, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň kararlaryny hemmetaraplaýyn beýan etmekden we okyjylara giňden düşündirmekden ybaratdyr.

Şeýle hem ýurdumyzyň oba hojalyk pudagynda öňdebaryjy usullaryň, ylmyň we täze tehnologiýalaryň ulanylyşy, öňdebaryjy hojalyklaryň we ekerançylykda aýratyn tapawutlanýan hasyl ussatlarynyň iş tejribeleri barada giňişleýin, yzygiderli wagyz-nesihat etmek bilen žurnal pudagyň ösmegine saldamly goşandyny goşýar.

SALGYSY

44-74-69

Baş redaktor

44-74-13

Jogapkär kätip

44-74-72

Bölümler

44-74-68

Faks

Türkmenistan. Aşgabat şäheri. Arçabil şaýolunyň 92-nji jaýy.

tazeobajur@mail.ru

98-02-61